- aýrylmak
- işlik1) Çat açmak, jaýrylmak, ýarylmak.2) Gopmak, bölünmek, gaçmak.∙ Mikroblaryň we bedeniň weýran bolan öýjükleriniň aýrylmagy. (A. N. Kabanow, Adamyň Anatomiýasy we Fiziologiýasy)3) Başga ýere göçmek, üýtgemek, aýra düşmek, gitmek.∙ Şahyra ýaş çagalaryndan aýrylmak gaty agyr düşüpdir. («Edebiýat»)∙ Biz öňki ýaşaýan ýerimizden aýrylyp, şähere geçdik.4) Işden çykmak.∙ Ol işinden aýrylypdyr.5) Nika bozmak.∙ Ol aýal ärinden aýrylypdyr.6) Özbaşdak ýaşamak, aýratyn hojalyk gurmak.∙ Tagan özbaşyna hojalyk bolup, ene-atasyndan aýryldy.7) Aradan çykmak, ölmek.∙ Obamyzyň 90 ýaşly garrysy bardy welin, görgüli öten agşam aýrylypdyr.8) Çaga düşmek.9) Açylmak, gutulmak (kesel hakda).∙ Kelle agyrym aýryldy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.